logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /Ene ýaşaýşyň gözbaşy
  07.03.2021
1234
Ene ýaşaýşyň gözbaşy

       Ene mukaddesligini hiç birzada deňäp bolmajak baýlyk hazynasydyr. Ene-bu ýaşaýşyň gözbaşy. Her bir ýaşaýşy enesiz göz öňüne hem getirip bolmaýar. Türkmenistanyň halk ýazyjylary, şahyrlary diňe söýgi ýa-da Watançylyk temalaryna ýüzlenmän öz mähriban enelerini, käbelerini wasp edip şygyrlar, eserler goşýarlar. Muňa mysal edip Täşli Gurbanowyň “Mahmal bägül” nowellasynda ýaşlygyndan ene mährinden jyda düşen sekiz ýaşlyja Suraýyň başdan geçirmeleri, ene mährini küýseýşi, eneliginiň gowy däl häsiýetleri doly suratlandyrylýar. Ene mährinden jyda düşen Suraýyň kakasy Myrat hem öz bagryndan önen perzendini öýe sygdyrmajak bolýar. Ony wagtlaýyn mamalarynda ýaşatmak isleýär. Suraýyň bu bolýan zatlara ýüregi gyýylýar. Ýöne ejesiniň hatyrasyna ol kakasynyň diýenini edýär. Ertesi irden mamalaryna gitmek üçin goşlaryny ýygnap ýörkä, Suraý ejesiniň aýdan wesýetleri ýadyna düşýär. Ylgap howlularyna çykanda ejesiniň soňkuja ekip giden mahmal bägülini ýolup kakasyna: “Ejesiniň ölmezinden öň özüne Mahmal bägüliň ilkinji açylan gülüni kakaňa bergin, men giderin, ýöne bu gülleri hiç kime ýoldurmagyn”! diýendigini aýdanynda kakasynyň bokurdagy dolup Suraýjan gyzym gitme. Men seni hiç ýere goýbermerin diýip gyzyny bagryna basyp, gujaklap aglaýar.

         “Nowella”-bu eseriň soňy garaşylmadyk ýagdaýda az sözlemler bilen gutarmagyna aýdylýar. Bu eseriň esasy aýratynlygy, dargap barýan maşgalany ene sözüniň güýji bilen gapylan gözleri açmagydyr. Ene mukaddesligi gudratdyr. Beýik rus ýazyjysy Alekseý Maksimowiç Gorkiý: “Ene adamyň ýerdäki Hudaýydyr”! diýip belläpdir. Ene hemişe öz perzendini bela-beterlerden gorap gezýär, doga-dilegleri edýär.

Ene perzendini goraýan güýçdir,

Ene garramaýar hemişe ýaşdyr.

Ýöne bir gün uçanynda guş ýaly,

Agladar eneler dosty-duşmany.

Hiç haçan enäniň göwnüne degmäň,

Enedir adama eçilýän döwran.

Siz jenneti başga ýerden gözlemäň!

Synlaň eneleriň behişt gözlerin.

Olardan elmydam mähir çogýandyr,

Eneli adamyň bagty çüwýändir.

Aýtsam sözlerimi pikirim jemläp,

Nirde eneň bolsa şol ýerde Jennet!