logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Energetika ulgamy ösüşlere beslenýär
  26.11.2023
613
Energetika ulgamy ösüşlere beslenýär

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar. Ylmyň, tehnikanyň gazanan kämil enjamlary biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Olaryň aglabasy energiýa serişdeleri bilen herekete gelýän gurallardyr enjamlardygy bolsa elektrik energetika pudagynyň ähmiýetiniň nähili derejede ulydygyny görkezýär. Umuman aýdylanda, energetika pudagynyň biziň durmuşymyza howa ýaly zerurlykdygy aýdyň hakykatdyr.   

 

 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda eziz watanymyzyň energetika syýasaty barha rowaçlanýar. Diýarymyzyň ykdysady taýdan ösmeginde bu pudaga esasy orun degişli bolup durýar. Daşary ýurt bazarlarynda Türkmenistanyň gymmatly baýlygy bolan elektrik energetikasyna uly isleg bildirilýär. Oňa mysal edip, sebitde gurluşygy batly depginler bilen alnyp barylýan iri taslamalaryň biri “Türkmenistan – Owganystan – Pakistan” elektrik köprüsiniň halkara ähmiýetini bellemek ýerliklidir.  

 

 

Ýurdumyzda hereket edýän energiýa kuwwatlyklaryny has-da artdyrmak we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly başga-da köp sanly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň halkalaýyn energiýa ulgamynyň kemala gelmegi munuň aýdyň subutnamsydyr.   

 

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: “Elektrik energiýasyny ösdürmek, bu ugurda täze mümkinçilikleri açmak we işe girizmek geljege gönükdirilen uzakmöhletleýin döwlet ähmiýetli wezipedir” diýip bellemek bilen bu möhüm pudagyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň netijesinde öz hünärine yhlasly çemeleşýän ökde hünärmenler kemala gelýär. Elektroenergetika pudagyny ösdürmekde bimöçber şertleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsunymyzy aýdýarys.

 

 

Gül AMANMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Energo-tehnologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.