Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Energiýa pudagynda yzygiderli ösüşler
  07.11.2023
349
Energiýa pudagynda yzygiderli ösüşler

       Häzirki döwür kuwwatly elektroenergetika pudagynyň giň gerim bilen ösdürilýän hem-de onuň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilen energetika syýasatynyň yzygiderli we ynamly amala aşyrylýan döwrüdir. Şonuň bilen baglanyşykly bu ulgamyň ösüş depginini has-da ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek ugrunda birnäçe maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

 

Şonuň ýaly belent maksatly işler göz öňünde tutulyp, ýurdumyzda bu ulgamyň binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmaga we işjeňleşdirmäge niýetlenen «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» we «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň Milli strategiýasy» ýaly birnäçe maksatnamalaýyn resminamalar kabul edildi. Bu resminamalar döwletimiziň elektrik energetika ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ykdysadyýetde esasy orunlaryň birini eýeleýän energetika ulgamynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ulgamyň ýeterlik derejede ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

 

Şeýlelikde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gazturbinaly elektrik beketleri ulanmaga berildi. Pudaklaýyn düzümiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we onuň köpugurly esasda ösdürilmegi netijesinde ýurdumyzyň elektroenergetika kuwwatlyklary birnäçe esse artdy. Bu bolsa diňe bir içerki sarp edijileri üpjün etmek däl, eýsem, elektroenergiýany goňşy ýurtlara, hususan-da, Eýrana we Owganystana eksport etmek mümkinçiligini emele getirdi. 

 

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegi, bilimli ýaşlaryň köpelmegi üçin düýpli işleriň amala aşyrylmagy halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Şeýle hem döwletimiziň mundan beýläk-de belent sepgitleri eýeläp, has-da gülläp ösjekdiginiň aýdyň güwäsidir.

 

 

Umytjan KADYROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Energo-tehnologiýa fakultetiniň elektro we ýylylyk 
energiýasyny öndüriji toparynyň talyby.