logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Erkin döredijilik mekanynyň mejlisler jaýynda döredijilik duşuşygy geçirildi
  17.01.2023
1160
Erkin döredijilik mekanynyň mejlisler jaýynda döredijilik duşuşygy geçirildi

Şu gün Erkin döredijilik mekanynyň mejlisler jaýynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň we «Watan» gazetiniň redaksiýasynyň guramagynda «Ýaşlar syýasaty: belent maksatlar, aýdyň wezipeler» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa döredijilik işgärleri, ýaş şahyrlar hem-de talyplar gatnaşdy.

Döredijilik duşuşygynyň dowamynda Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylan köpugurly işler, şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik tutumlary, Watan mukaddesligi, ýaşlarymyzy ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly sagdyn nesiller edip ýetişdirmek ugrunda döredilýän şertler barada gürrüň edildi.

Duşuşygyň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlar we okalan şygyrlar duşuşyga gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.