logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /Eskimoslar aýazly we sowuk howalarda nädip ýaşaýarlar?!
  06.02.2023
1730
Eskimoslar aýazly we sowuk howalarda nädip ýaşaýarlar?!

Eskimoslar Grenlandiýada, Kanadada, Alýaskada we Çukotka ýarym adasynda ýaşaýan millet bolup, olar demirgazygyň çapgyn aýazly howasynda ýaşamaga uýgunlaşandyrlar. Ýer ýüzünde eskimoslaryň sany 170 müňden köp däldir. Olaryň egin-eşikleri demirgazygyň aýazyna çydam etmek üçin sugunyň we beýleki owadan sütükli haýwanlaryň derisinden tikilýär. Aýaklaryna bolsa deriden tikilen ädikleri geýýärler. Mundan başga-da, eskimoslar sowukdan goranmak üçin endamyna aýynyň hem-de düwleniň ýagyny, ýüzlerine bolsa balyk ýagyny çalýarlar.

Şeýle sowuk şertlerde ýaşamak juda kyndyr. Emma tebigatyň bu synaglaryna döz gelýän eskimoslaryň ýaşaýyş däpleri aňzakly sowuk howalara uýgunlaşyp ýaşamak üçin zerur bolan ähli şertleri özünde jemleýär. Mysal üçin, olar doňaklykdan goranmak üçin ýörite «öýlerde» ýaşaýarlar. Tomsuna ýere dikilen agaçlaryň daşyna haýwan derilerini ýapmak arkaly gurlan ýönekeýje çadyrlarda ýaşaýarlar. Gyşyna bolsa buzdan ýa-da dykyzlandyrylan gardan buzküme ýasanýarlar. Adatça, jaýlaryň diametri 3-4 metre, beýikligi bolsa 2 metre çenli ýetýär. Göräýmäge, buzdan ýa-da gardan ýasalan öýüň içi edil daşardaky ýaly sowuk bolaýjak ýalydyr, emma şu görnüşde ýasalmagy howanyň dogry aýlanyşygyna, artykmaç çyglylygyň daşary çykmagyna we otagyň ýylylygynyň içerde saklanmagyna ýardam edýär.

Demirgazygyň aýazly howasynda ekerançylyk bilen meşgullanmak mümkin däldir. Şonuň üçin hem ýerli erkek adamlar awçylyk, balykçylyk ýa-da beýleki deňiz jandarlaryny tutmak bilen meşgullanýarlar. Bu bolsa ilatyň iýmitiniň agramly böleginiň etden ybaratdygyna şaýatlyk edýär.

Eskimoslar maşgalany hemme zatdan ileri tutýarlar. Olar bir-birleri bilen asla sögüşmeýärler, tersine islendik meseläni parahatçylyk ýoly bilen çözýärler. Şonuň üçin hem olaryň dilinde sögünç aňladýan hiç hili söz ýokdur. Bularyň hemmesi milletiň parahatsöýüjiliginden we agzybirliginden habar berýär.