logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /ETRABYŇ AÇYK BIRINJILIGI
  16.01.2020
1008
ETRABYŇ AÇYK BIRINJILIGI

      Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde futzal boýunça etrabyň açyk birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň  hem-de etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşa toparlaryň birnäçesi gatnaşdy.

     “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň şanyna geçirilen futzal ýaryşynyň esasy maksady ýurdumyzda  bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrundaky tagallalardan ugur alyp, ýaşlary köpçülikleýin sporta we bedenterbiýä çekmekden, türgenleriň sport ussatlyklaryny ýokarlandyrmakdan, futzal sporty boýunça güýçli toparlary  ýüze çykarmakdan hem-de höweslendirmekden ybarat boldy. Toparlar iki gününiň dowamynda özaralarynda gyzykly we çekeleşikli duşuşyklary geçirdiler. Şol duşuşyklar futzalçylaryň taýýarlygyny we sport ussatlygyny äşgär etdi.

      Açyk birinjiligiň esasy duşuşygy “Ak bugdaý” we “Gämi” toparlarynyň arasynda boldy. Aýgytlaýjy duşuşykda iki topar hem özaralarynda çekeleşikli oýun alyp bardy. Iki taraplaýyn hüjümlere baý bolan duşuşyk “Gämi” toparyna şowlulyk getirdi. Şeýlelikde, Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň adybir topary ýaryşyň ýeňijisi boldy. “Ak bugdaý” topary ikinji, “Serhetçi” topary baýrakly üçünji orny eýeledi.

    Ýaryşyň ýapylyş dabarasynda ýeňijiler sylaglandy. Olara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň ýörite sowgatlary gowşuryldy hem-de ýeneki ýaryşlarda üstünlik arzuw edildi.