logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Sports /Etrabyň açyk birinjiligi
  21.01.2020
992
Etrabyň açyk birinjiligi

     Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde futzal boýunça etrabyň açyk birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň  hem-de etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşa toparlaryň birnäçesi gatnaşdy.

     “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň şanyna geçirilen futzal ýaryşynyň esasy maksady ýurdumyzda  bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrundaky tagallalardan ugur alyp, ýaşlary köpçülikleýin sporta we bedenterbiýä çekmekden, türgenleriň sport ussatlyklaryny ýokarlandyrmakdan, futzal sporty boýunça güýçli toparlary  ýüze çykarmakdan hem-de höweslendirmekden ybarat boldy. Toparlar iki gününiň dowamynda özaralarynda gyzykly we çekeleşikli duşuşyklary geçirdiler. Şol duşuşyklar futzalçylaryň taýýarlygyny we sport ussatlygyny äşgär etdi.

      Açyk birinjiligiň esasy duşuşygy “Ak bugdaý” we “Gämi” toparlarynyň arasynda boldy. Aýgytlaýjy duşuşykda iki topar hem özaralarynda çekeleşikli oýun alyp bardy. Iki taraplaýyn hüjümlere baý bolan duşuşyk “Gämi” toparyna şowlulyk getirdi. Şeýlelikde, Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň adybir topary ýaryşyň ýeňijisi boldy. “Ak bugdaý” topary ikinji, “Serhetçi” topary baýrakly üçünji orny eýeledi.

   Ýaryşyň ýapylyş dabarasynda ýeňijiler sylaglandy. Olara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň ýörite sowgatlary gowşuryldy hem-de ýeneki ýaryşlarda üstünlik arzuw edildi.