logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Culture /«Euronews» Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk eder!
  24.01.2023
746
«Euronews» Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk eder!

23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, şeýle hem Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde Türkmenistana iş sapary bilen gelen «Euronews» ýewropa maglumat teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi.

Daşary syýasat edarasynda geçirilen ýygnakda Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew we teleýaýlymyň satuw we hyzmatdaşlyk boýunça wise-prezidenti Silwain Žan Iw Rože geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi barada pikir alyşdylar we halkara maglumat giňişliginde uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gönükdirilen meýilnamalary beýan etdiler.

Taraplar soňky on ýylda Türkmenistanda bolup geçen möhüm wakalary beýan etmek üçin birnäçe üstünlikli taslamalaryň durmuşa geçirilendigini görkezýän netijeli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen bellediler.

«Euronews» bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bolan ynam we üns üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, ýewropa teleýaýlymynyň wekilleri bilelikdäki işleri güýçlendirmäge we özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylygy bilen geçirilen gepleşikleriň çäginde bilelikdäki maglumat materiallaryny taýýarlamakda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, Türkmenistanda bolup geçýän özgerişlikleri hususan-da biziň ýurdumyzda geçirilen halkara we sebit ähmiýetli wakalary şöhlelendirmek boýunça geljegi uly taslamalara üns berildi.

Myhmanlar Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzümine girýän täze döredilen Halkara maglumat merkeziniň wezipeleri we işleri bilen tanyşdylar.