logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Nature /Ewolýusiýa teoriýasynyň atasy Çarlz Darwiniň ähli golýazmalary internetde elýeterli edildi
  28.11.2022
2739
Ewolýusiýa teoriýasynyň atasy Çarlz Darwiniň ähli golýazmalary internetde elýeterli edildi

Ylym taryhynyň iň möhüm alymlarynyň biri bolan biolog we tebigy taryhçy Çarlz Darwiniň mirasyny goramak üçin täze taslama gol çekildi. Kembrij uniwersiteti Darwiniň dünýä belli golýazmalaryny bir web sahypasynda jemledi.

Web sahypasynda Çarlz Darwin tarapyndan ýazylan 15 müňden gowrak golýazma bar, olaryň 400-si täzeden seljerilen we durky täzelenilen. Golýazmalaryň ählisi 1822-nji we 1882-nji ýyllary, ýagny 60 ýyly öz içine alýar.

Taslamanyň arkasynda durýan topar, Darwiniň ömrüniň soňky dört aýynda ýazan golýazmalaryny kitap hökmünde çap eder. Bu neşir 2023-nji ýylyň ilkinji aýlarynda çykar.

Darwiniň ähli hatlaryna girmek üçin şu baglanyşyga basyp bilersiňiz. Web sahypadaky dürli süzgüçlerden peýdalanyp, belli bir senä baryp, şol senedäki Darwiniň ýazan hatlaryna göz aýlap bilersiňiz. 

 

Firuza DOSÇANOWA, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.