logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Eýfel diňinde düýpli abatlama işleri geçiriler
  22.10.2022
1328
Eýfel diňinde düýpli abatlama işleri geçiriler

Parižiň gözel ýerlerinden biri bolan Eýfel diňiniň bina edilenine ençeme wagt boldy. Habar berilmegine görä, binanyň köp böleklerinde poslanma we çüýreme emele gelipdir. Fransiýanyň Hökümeti ýurtda geçiriljek 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmek maksady bilen Eýfelde düýpli abatlama işlerini geçirmegi maksat edýär. Abatlaýyş işleri üçin 50 million ýewro çykjakdygy çaklanylýar.

Belläp geçsek, Eýfel diňi 1889-njy ýylda Gustaw Eýfel tarapyndan bina edilýär. 18 müň metal böleginden ybarat we 324 metr beýiklikdäki bu diň her 7 ýyldan bir gezek  boýalýar.