Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Eýndhowen şäherinde türkmen lybaslarynyň moda görkezilişi boldy
  14.03.2024
194
Eýndhowen şäherinde türkmen lybaslarynyň moda görkezilişi boldy

Golaýda, Niderlandlaryň Eýndhowen şäherinde dünýäniň medeni dürlüligini görkezýän çäre - Halkara zenanlar gününe bagyşlanan sergi guraldy. Medeniýetiň we sungatyň bu festiwaly dürli ýurtlaryň sergi diwarlyklaryny birleşdirdi. Olaryň hersi milli mirasyň we medeni gymmatlyklary döretmekde we ösdürmekde zenanlaryň gaýtalanmajak goşandynyň aýdyň beýany boldy.

 

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň "Mengli Secrets World Fashion" modalar öýi bilen hyzmatdaşlykda gurnan pawilýony aýratyn ýerde ýerleşdirildi. Niderlanlarda esaslandyrylan bu modalar öýi milli türkmen stilinde lybaslary we şaý-sepleri taýýarlamaga ýöriteleşendir. Bu pawilýon türkmen halkynyň medeni mirasynyň, baý mozaikasynyň hem-de döredijilik däpleriniň özboluşly beýan edilmesi boldy. Görkezilen lybaslar toplumy gaýtalanmajak şaý-sepler özboluşly saz gurallary bilen birlikde bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekdi.

 

Türkmenistanda şu ýylyň "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" diýlip atlandyrylmagynyň hormatyna çap edilen neşir önümleri hem sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi. 

 

Türkmenistanyň ilçisi bu ýere gelenlere milli sergi bölümi bilen tanyşdyrdy we türkmen medeniýetiniň esasy aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Şunda Magtymguly Pyragynyň milli medeniýetde eýeleýän ornuna we onuň Gündogaryň ruhy dünýäsine eden täsiri barada giňişleýin durlup geçildi.

 

Ýewropaly modelleriň türkmen lybaslaryny geýip, bu ýere gelenleriň öňünde görkezmekleri çäräniň aýratyn tolgundyryjy wakasy boldy. Görkezilişiň milli sazlar bilen utgaşmagy bu ýere gelenlerde ýakymly täsirleri galdyrdy we hatda olar türkmen milli sazlarynyň astynda tans hem etdiler.

 

Eýndhowendäki "Parktheater" teatry türkmen sazlarynyň ýaňlanan, dürli milletiň adamlarynyň bolsa onuň jadyly mukamynyň astynda birleşen, umumy dil tapan ýeri bolup, medeni alyşmanyň we medeni dürlüligi baýram etmegiň täsirli güýjüni görkezdi.

 

Jahan DÖWLETMYRADOWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we 
informatika institutynyň talyby.