logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Eýran Yslam Respublikasynyň ykdysady sergisi öz işine başlady!
  15.02.2023
795
Eýran Yslam Respublikasynyň ykdysady sergisi öz işine başlady!

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady. Goňşy ýurduň haryt öndürijileriniň gazananlaryny görkezýän gözden geçiriliş ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini açmaga, geljekki ösüş ugurlaryny kesgitlemäge, ýurtlarymyzyň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýurdumyzyň işewür telekeçileri gatnaşdy.

Bu sergä, 70-e golaý eýran kompaniýalarynyň gatnaşýandygyny bellemek gerek.