logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Eýranda dokma pudagynyň halkara sergisi geçiriler
  10.04.2024
592
Eýranda dokma pudagynyň halkara sergisi geçiriler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi «SITEX2024» dokma senagatynyň halkara sergisiniň geçiriljekdigini habar berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň telekeçileri bu sergä gatnaşyp bilerler.

 

Sergi şu ýylyň 4–7-nji iýuly aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde halkara sergi merkezinde guralar. Sergi dokma pudagy üçin möhüm ähmiýete eýedir.

 

«SITEX2024» halkara sergisi dokma pudagy üçin möhüm ähmiýete eýe bolup, ol dokma pudagyndaky täzelikler bilen tanyşmaga we işewürligi has-da gowulandyrmaga, şeýle hem bar bolan müşderiler bilen duşuşmaga mümkinçilik döredýär.

 

Çynar REJEPOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.