logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Eýranyň nebit kompaniýalary ýurdumyzda geçiriljek sergä gatnaşar
  17.11.2022
1228
Eýranyň nebit kompaniýalary ýurdumyzda geçiriljek sergä gatnaşar

Eýran Yslam Respublikasynyň nebit kompaniýalary şu ýylyň dekabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda gurnajak sergisine işjeň gatnaşar. Bu barada «Shana» habarlar gullugy habar berýär.

Neşiriň habar bermegine görä, Eýran Yslam Respublikasy 4 ýyldan soňra Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda dekabr aýynyň ortalarynda ýöriteleşdirilen sergi gurnar.

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň saparlary hem has-da işjeňleşdi. Mälim bolşy ýaly, ýurtlaryň arasynda tebigy gaz alyş-çalyş (swop) ylalaşygy gazanyldy.

Bu sergide Eýranyň nebit kompaniýalarynyň işjeň gatnaşyp, öz mümkinçiliklerini görkezjekdigi bellenildi.

Aşgabat şäherinde geçiriljek sergä Eýranyň nebithimiýa, tehniki enjamlary öndürýän kompaniýalaryň, döwlete degişli we döwlete dahylly bolmadyk firmalaryň gatnaşmagyna garaşylýar. 

 

Hakberdi JUMAMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.