logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /EÝSEM FOBIÝA NÄME?
  15.04.2022
1349
EÝSEM FOBIÝA NÄME?

 Fobiýa, gorky-munuň alamaty, manysyz gözegçiliksiz gorky ýa-da käbir ýagdaýlarda gereksiz aladanyň dowamly bolmagydyr.Dünýädäki her bir adamyň öz içindäki gorkulary bardyr. Şol gorkulara çenden aşa üns bermek hem gowulyga getirmeýänini hemmämiz bilýäris.Fobiýanyň dürli görnüşleri bar.Bu güne çenli olaryň 40 müňe golaý görnüşi bellidir. Olardan käbirlerine seredip geçeliň:
  Agorafobiýa – açyk ýerlerden gorkmak;
  Antrofobiýa –adamlardan, adam köplüginden gorkmak;
  Gipsofobiýa –beýiklikden gorkmak;
  Monofobiýa –ýekelikden gorkmak;
  Skoptofobiýa – özüňe üns çekmekden gorkmak;
  Arahnofobiýa –möýden gorkmak;
  Geliofobiýa –günden, gün ýagtysyndan gorkmak;
  Akwafobiýa –suwdan gorkmak;
  Filofobiýa –söýmekden gormak;
  Bu gorkularyň doly sanawyndan uzak bolsa-da, fobiýalaryň nämedigi eýýam şu ýerden görüp bilersiňiz. Olar geň we gülkünç,adaty däl,  haýran galdyryjy we aljyraňňylyga sebäp bolýar. Şeýle-de bolsa, bu “jadygöýlige” eýe bolanlar olara çynlakaý çemeleşýärler: ýagyşdan gorkýarlar, kitap görenlerinde  solgun ýagdaýda bolýarlar.
 Fobiýanyň şertli refleksdigine düşünmek möhümdir. Täze emosional we özüňi alyp baryş  jogaplaryny özleşdirmek bilen bozulyp bilýän endikdir.

Gülnur Otyzowa 
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby