logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /Eýsem, guşlarda zäher bolup bilermi?!
  11.07.2022
1141
Eýsem, guşlarda zäher bolup bilermi?!

       Fauna dünýäsinde köpdürli zäherli mör-möjekleriň, balyklaryň, gurbagalaryň, ýylanlaryň we beýleki süýrenijileriň bardygyny ählimiz bilýäris. Ýöne tebigatda zäherli guşlaryň hem bardygy ýüze çykaryldy. Elbetde, geň galdyryjy bolup görünse-de, zäherli guşlar hem bar bolup, olara pitahu guşlary degişlidir. Pitahu guşlarynyň ululygy serçäniň ululygynda bolup onçakly uly däl, gara-açyk mämişi reňklidir. Pitahu guşlary diňe Täze Gwineýanyň gür tokaýlarynda duş gelýär. Olaryň örän güýçli zäher öndüriji mäzleri bolup, ol diýseň howpludyr. Zäher öndüriji mäzleri olaryň derisinde ýelek örtüginiň aşagynda ýerleşýär. Olardaky zäher düzümi we täsiri boýunça Kolumbiýada duşýan zäherli gurbagalarda saklanýan “batrahotoksine” zäherine çalymdaş. Guşuň agramy 65-110 gram bolup, derisinde zäherli toksin 15-20 mg, ýeleginde 2-3 mg möçberde saklanýar. Bu zäher beýleki jandarlara galtaşanda ýa-da pitahu guşlaryny iýjek bolanlarynda olary ölüme çenli eltýär. Bir pitahu guşunyň zäheri ortaça 700 syçany öldürmäge ýeterlikdir. Alymlar guşdaky şeýle güýçli zäheriň nädip emele gelýändigini anyklamak ugrunda işleri alyp barýarlar. Çünki bu guşlar ýyrtyjy däl, şonuň üçin olara zäheriň zerurlygy hem ýok. Şeýle-de olaryň duşmanlary hem köp däl. Käbir barlaglar zäheriň sebäbiniň bu guşlaryň iýýän tomzaklaryndadygyny görkezýär. Sebäbi mör-möjekleriň köp görnüşlerinde batrahotoksiniň saklanýandygy ýüze çykaryldy. Adam üçin bu guş odiýen howply däl, sebäbi olar adamlaryň bar bolan ýerlerinden örän uzakda, gür tokaýlyklarda mesgen tutýarlar, olara duşmak mümkin däl diýen ýaly. Ýöne muňa garamazdan, planetamyzda şeýle zäherli guşlaryň hem bardygyny bilmeklik zerurdyr.

Oguljeren Hudaýnazarowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby