logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Ezber babadaýhanlar
  22.08.2021
712
Ezber babadaýhanlar

        Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda ägirt uly ösüşler gazanylýar. Şol sanda ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda hem gazanylýan üstünlikler hem barha beýgelýär. Şu günki günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Bereketli Babadaýhan etrabynda hem ak altynyň bol hasylyny ýygnamaklyk uly ruhybelentlikde alnyp barylýar.  Ak altyn hasylyny çalt depginde, zaýasyz ýygnap döwlet harmanyna goşmak ähli halk aladasyna öwrüldi. Etrabymyzyň ezber babadaýhanlary irki möhletde, ilkinjileriň hatarynda hasyl ýygymy möwsümine ýokary guramaçylykly girişdiler.

         Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daýhanlarymyzyň netijeli zähmet çekmekleri hem-de ýerden bol hasyl alyp döwletimiziň oba hojalyk ulgamynyň ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşmaklary üçin zerur şertleriň ählisi döredilýär. Ajaýyp zamanada ýaşaýan ezber Babadaýhanlar özleri üçin döredilip berilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtýarlar.