logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Eziz Watanymyzyň nurana geljeginiň möhüm şerti
  20.04.2023
801
Eziz Watanymyzyň nurana geljeginiň möhüm şerti

Ýurdumyzyň ähli sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşini şertlendirýän kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak, sebitleriň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek we olaryň çäklerinde bar bolan taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä ýaýmak we giňden wagyz etmek ýaly meselelere uly ähmiýet berilýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde täze önümçilik toplumlaryny gurmak arkaly goşmaça iş orunlaryny döretmek, ulag düzümini kämilleşdirmek, telekeçilige goldaw bermek, ylmyň we tehnologiýanyň gazananlaryny ornaşdyrmagyň hasabyna obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ýola goýulýan toplumlaýyn işler aýdyň miwesini berýär. Şeýle-de raýatlarymyzy ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, ýokary hilli lukmançylyk, bilim we beýleki durmuş hyzmatlary bilen üpjün etmek hemişe üns merkezinde saklanylýar. Ykdysady we beýleki aýratynlyklary nazara alnyp, nebitgaz, himiýa we dokma senagaty ýaly ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň ösüşine, sebitlerde ekologik abadançylygynyň saklanmagyna aýratyn üns berilýär.

Häzirki zamanyň öňdebaryjy enjamlary we täzeçil tehnologiýalary bilen üpjün edilen üstaşyr ulag kuwwatyny pugtalandyrmakda, multimodal ulag geçelgelerini ösdürmekde we halkara söwdanyň möçberlerini artdyrmakda ulag ulgamynyň binýady berkidilýär.

Şunuň bilen baglylykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, onuň çäginde ýokary ekologik ýagdaýy saklamak üçin täze tokaý zolaklaryny döretmek, bu ýerde ýola goýulýan hyzmatlaryň medeniýetini ýokarlandyrmak ugrundaky işler oňyn netijelere beslenýär. Ýurdumyzyň ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadamynyň aýdyň beýanyna öwrülen Ahala welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi, ak bagtyň şäheri bolan Arkadag şäheriniň ýokary depginli gurluşygy göwünleri galkyndyryp, bu täzeçil taslamanyň çäklerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen dünýäniň ösen tejribesi özboluşly sazlaşyp, tehnologik üpjünçiligi özünde jemleýär. «Akylly» şäher konsepsiýasyna esaslanyp, täze edara ediş merkezi sanly ulgam we beýleki täzeçil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar.

Ähli sebitlerde ulanmaga berilýän ýaşaýyş-durmuş we önümçilik maksatly desgalardyr döwrebap ymaratlaryň ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine hem-de halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigi ikuçsuzdyr. Bu ugurda kabul edilýän toplumlaýyn maksatnamalar taýýarlanylanda, bagtyýar raýatlarymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek, işjeň durmuş-ykdysady özgertmeleri geçirmek hem-de sebitleriň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça çäreler toplumyna uly orun berilýär. Elbetde, bularyň ählisi bolsa Türkmenistan döwletimiziň beýik ösüşlerini, nurana geljegini alamatlandyrýar. 

 

Dünýä BATMANOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň
2-nji ýyl talyby.