logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Facebook barada bilmek isleseňiz...
  16.04.2022
1066
Facebook barada bilmek isleseňiz...

"Facebook” ilkinji meşhur sosial ulgamlaryň biri hökmünde tanalýar. Onuň ulanyjylarynyň sany 350 million adama barabardyr. Eger-de “Facebook” aýratyn bir ýurt bolan bolsa, onda ilat sany boýunça Hytaýdan we Hindistandan soň üçünji ýerde bolardy. Her günde: Sahypa hasaba alnan ähli ulanyjylaryň, takmynan, 50% -i girýär; "Näme hakda pikir edýärsiňiz?" statusyny 35 million adam üýtgedýär; 55 milliondan gowrak şahsy habar statusy çap edilýär; Tordaky ähli ulanyjylar tarapyndan, takmynan, 6 milliard minut sarp edilýär. Her aýda: Takmynan, 3,5 million täzelik döredilýär; 2,5 milliarddan gowrak surat ýüklenilýär; "Paýlaş" düwmesine, takmynan, 14 milliard gezek basylýar. “Facebook” sosial ulgamy 70 dilde elýeterlidir. Bellige alnan ähli adamlaryň, takmynan, 70%-i Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň çäginde ýaşaýar. “Facebook” -yň esaslandyryjysy Makr Zukerberg dünýädäki iň ýaş milliarderdir. Kompaniýanyň Londonda, Parižde, Dublinde, Sidneýde, Dallasda, Detroýtda, Çikagoda, Torontoda we Atlantada ofisleri bar. Ştab kwartirasy bolsa Palo Altoda ýerleşýär.

Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby