Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar üçin startap bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦
Baş sahypa / Saglyk /Farmakokinetika​ barada
  03.04.2025
196
Farmakokinetika​ barada

Farmakokinetika – derman serişdeleriniň adam bedenindäki hereketlerini, ýagny gan arkaly ýaýramagy, bedende üýtgemegi (metabolizmi) we bedenden çykarylmagyny öwrenýän ylym ugrudyr. Bu ylym, derman serişdeleriniň organizmdäki ýagdaýyny seljerip, olaryň nähili tiz we täsirli işleýändigini, şeýle-de organizmde nähili saklanýandygyny we nädip aýrylýandygyny düşündirýär.

 

Ilkinji tapgyr absorbsia bolup, ol derman serişdesiniň bedene girip, gan akymyna geçişini aňladýar. Bu proses derman serişdeleriniň beriliş ýoluna, ýagny agyz arkaly, damardan, deri aşagyndan ýa-da beýleki usullar arkaly girizilişine baglylykda üýtgeýär. Derman serişdesiniň sorulma tizligi onuň täsiriniň başlap biljek wagtyny kesgitleýär.

 

Ikinji tapgyr distribusiýa bolup, derman serişdesiniň gan arkaly bedeniň dürli dokumalaryna we agzalaryna ýaýramagydyr. Bu tapgyrda derman serişdeleri belli bir dokumalarda toplanyp biler ýa-da diňe gan aýlanyş ulgamynda hereket edip biler. Distribusiýa derman serişdeleriniň lipofilligine, molekularynyň ululygyna we plazma beloglaryna birleşmek ukybyna baglydyr.

 

Üçünji tapgyr metabolizm ýa-da biotransformasiýa bolup, bu tapgyrda derman serişdeleri bedende himiki üýtgemelere sezewar bolýar. Metabolizm esasan bagyrda bolup geçýär we onuň netijesinde derman serişdeleri täsirli ýa-da täsirsiz görnüşe geçýär. Şeýle hem bu tapgyrda derman serişdesiniň zäherlilik derejesi peseldilýär.

 

Soňky tapgyr eliminasiýa bolup, ol derman serişdeleriniň we olaryň metabolitleriniň organizmden çykarylmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu tapgyr esasan böwrekleriň işi arkaly amala aşyrylýar, ýagny derman serişdesi siýk arkaly bedenden aýrylýar. Käbir serişdeler bolsa öd bilen, içege arkaly ýa-da dem alyş ulgamy arkaly çykarylýar.

 

Farmakokinetika derman serişdeleriniň dogry dozada, dogry wagtda we degişli görnüşde ulanylmagy üçin möhüm ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, bu ylym lukmançylykda bejerişiň täsirli we howpsuz bolmagyny üpjün edýär.

 

 

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ
Farmakologiýa kafedrasynyñ uly mugallymy,
lukmançylyk ylymlarynyñ kandidaty.