logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Fransiýa ýasda! «Dünýäniň iň garry adamy» aradan çykdy
  18.01.2023
1273
Fransiýa ýasda! «Dünýäniň iň garry adamy» aradan çykdy

«Dünýäniň iň garry adamy» diýen ady göterýän 118 ýaşly fransuz monah zenan Lucile Randon aradan çykdy. Ol Fransiýanyň günortasyndaky Toulon sebitinde ýerleşýän garrylar öýünde ýaşaýyşa gözlerini ýumdy.

Dünýäniň iň garry adamynyň aradan çykmagyna tutuş Fransiýa gynandy. Monah zenan 1904-nji ýylyň fewralynda doguldy. Lucile Randon – 2022-nji ýylyň 25-nji aprelinden bäri «Dünýäniň iň garry adamy» diýen ady göterýärdi. Belläp geçsek, monah zenan 2021-nji ýylyň başynda koronawirus pandemiýasyny hem ýeňil geçiripdi.