logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Fransuzlar «öküz söweşi» sportunyň gadagan edilmegini isleýärler
  25.11.2022
1056
Fransuzlar «öküz söweşi» sportunyň gadagan edilmegini isleýärler

Fransiýada geçirilen jemgyýetçilik pikir soralyşyklarynyň netijesine görä, her 10 fransuzdan 9-y «öküz söweşi»-niň gadagan edilmegini isleýär. Häzirki wagtda ýurtda «öküz söweşi» raýatlar tarapyndan «wagşyçylyk» diýlip tankyt edilýär we bu sporty gadagan etmelimi ýa-da etmeli däldigi barada jedeller gidýär.

«Öküz söweşi» sportyny ret etmek boýunça Fransiýanyň Mejlisine hödürlenen kanunyň taslamasy umumy mejlisde ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda belli bir netijä gelinmedi.

Belläp geçsek, Fransiýada «Corrida» diýlip atlandyrylýan «öküz söweşi» aslynda aňyrdan gelýän däp hasaplanylmaýar. Ýurtda haýwan hukuklaryny goldaýan guramalaryň köpüsi öküz söweşleriniň gadagan edilmegini isleýär. Olar geçirilýän «öküz söweşlerini» haýwanlara garşy rehimsizligiň alamatylygyny nygtaýar.