logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Futbol meýdançasynyň ululygyndaky äpet surat Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
  09.12.2022
937
Futbol meýdançasynyň ululygyndaky äpet surat Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Kataryň paýtagty Doha şäherindäki Katar uniwersitetiniň futbol meýdançasynda «Topuň hekaýasy» atly suratyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada, Kataryň resmi habar gullugy «QNA» habar berýär.

2022-nji ýyldaky FIFA dünýä çempionatyna ýer eýeçiligini edýän Katar üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan suratyň açylyş dabarasyna Kataryň Medeniýet ministri şeýle-de birnäçe suratkeşler, metbugat agzalary we Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri gatnaşdylar.

«Topuň hekaýasy» atly suratyň açylyş dabarasynda Kataryň Medeniýet ministri çykyş edip, bu surat eseriniň Kataryň ýer eýeçiligindäki 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatyndan galjak taryhy wakadygyny belläp geçdi.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili suratyň rekordlar kitabyna girmek talaplaryna laýyk gelýändigini we täze rekord goýandygyny aýtdy. Şunlukda bu surat eserine Ginnesiň rekordlar kitabynyň resminamasy gowşuryldy.

Surat eýranly suratkeş Imad Salihi tarapyndan 5 aýda çekildi. Ol - 9,652 inedördül metr meýdany tutýar. Surat eserinde - FIFA dünýä çempionatlarynyň döredilen senesi, futbolyň taryhynda yz galdyranlaryň atlary we nyşanlar bar.

Futbol meýdançasynyň ululygyndaky ägirt uly surat medeni we çeperçilik ölçegine eýe bolup, arap we gündogar medeniýetini bütin dünýä tanadýar. 

 

Döwran AMANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.