logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Sports /Futzal ýaryşy dowam edýär
  25.06.2019
1184
Futzal ýaryşy dowam edýär

     Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde futzal boýunça ýurdumyzyň birinjiliginiň  Ahal welaýat zolagynyň ýaryşlary dowam edýär. Welaýatyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi  tarapyndan guralýan ýaryşa etraplardan hem-de Tejen şäherinden toparlaryň jemi altysy gatnaşýar.

  “Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011—2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” göz öňüne tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaşlary köpçülikleýin sporta we bedenterbiýä çekmek, türgenleriň sport ussatlyklaryny ýokarlandyrmak, futzal sporty boýunça güýçlüleri ýüze çykarmak, höweslendirmek hem-de  ýurdumyzyň birinjiligine gatnaşjak topary saýlamak maksady bilen geçirilen ýaryşyň birinji we ikinji tapgyrlarynyň duşuşyklary örän çekeleşikli boldy.

   Sport janköýerlerinde uly gyzyklanma döreden birinji we ikinji tapgyryň duşuşyklarynyň netijesi boýunça Gökdepe etrabynyň “Gökdepe”, Ak bugdaý etrabynyň “Ak bugdaý” toparlarynyň her biri 6 utuk bilen, ýaryş tablisasynda birinji ikinji, Kaka etrabynyň “Abiwerd” topary 3 utuk bilen, üçünji orunda barýar. Ýaryş dowam edýär.