logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /GABIONLAR - DAŞDAN DÖREDILEN GÖZELLIKLER
  30.01.2023
1337
GABIONLAR - DAŞDAN DÖREDILEN GÖZELLIKLER

Gabionlar diňe bir guty däl olar dürli tebigy materiallar bilen doldurylan simden ýasalan üç ölçegli gurluşdyr. Häzirki wagtda olar landşawt dizaýnynyň bir elementi bolmak bilen, şol bir wagtda özüne çekiji we işlemäge ukyply bolup durýar. Gabionlar kenar ýakalaryny, ýollary we demir ýollaryň ugrundaky emeli kenarlary berkitmek, tebigy eňňitleri eroziýadan, gaýalardan goramak üçin ulanylýar. Gabion sebetleriniň birnäçe asyr mundan ozal döredilendigine garamazdan, häzirki wagtda olara täzeden üns berlip başlandy. Şeýle gurluşlar çydamly, gurmak we saklamak aňsat  bolýar hem-de tebigy materiallaryň ulanylmagy sebäpli gabionlar tebigy görünýär. 

Gabionlaryň görnüşleri: 

Gabionlaryň iň köp ulanylýan görnüşleriniň biri daşy ýapyk inedördül ýa-da gönüburçly guty ýaly görünýär. Gabion daş ýa-da başga metal bilen doldurylandan soň, gapagy ýapylýar we sim bilen berkidilýär. 

Düşek – bu guty gabionlarynyň dürli görnüşlerinden biridir, olar reno matraslar diýilýär. Düşek –düşek gabionlaryň meýdany 12 inedördül metre çenli barabardyr. 

Silindr görnüşli gabionlar – köplenç suw howdanlarynda, ýokary tolkunly ýerlerde heläkçilikleri ýok etmek ýa-da diwarlary saklamak maksady bilen esas döretmek üçin ulanylýar. Silindr görnüşli gabionlaryň diametri 0.65 metrden üýtgeýär. 

Gabionlaryň artykmaçlyklary: uzak möhletlilik, çeýelik, ekologiki taýdan arassa. 

 

Ogultäç GURBANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.