logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Gadamy batly bedew
  28.11.2021
1447
Gadamy batly bedew

Her bir halkyň orny, onuň dünýä medeniýetine goşan goşandy, maddy we ruhy gymmatlyklary bilen kesgitlenýär. Biziň halkymyz hem asyrlaryň dowamynda umumadamzat bähbitli, naýbaşy gymmatlyklary döredip bilen halk. Şol maddy gymmatlyklaryň biri-de türkmeniň uçar ganaty, toýly günde göwün hoşy, şowly günde baş ýoldaşy, gözelligiň göwher gaşy bolan behişdi bedewlerimizdir. Gözellikde, ýyndamlykda, çydamlylykda, wepadarlykda öçmejek yz goýan, aýlawlarymyzyň, toý-dabaralarymyzyň bezegi, halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedewlerimiz bu günki gün uly şan-şöhrata eýedir.

Türkmen halkyny arassa ganly ahalteke bedewsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ajaýyp keşbi bilen dünýäni haýrana goýan ahalteke bedewi gözelligiň, päkligiň, wepadarlygyň nusgasydyr, toý-tomaşalaryň gelşigidir. Her bir ynsanyň söýgüsini gazanmagy başarýan gamyşgulak bedewlerimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe günsaýyn ösýän ýurdumyzyň abraýy hem mertebesidir. Häzirki döwürde ýurdumyzda atçylygy ösdürmäge, ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny goramaga aýratyn üns berilýär. Bu beýik, gaýtalanmajak derejedäki kämil sungatyň syrlaryny öwrenmek, dünýä ýaýmak, gorap saklamak ugrunda giň möçberli çäreleri durmuşa geçirilýär.

Bu ajaýyp eserlerde älemi baglan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, dogry we dürs seýislemek hakynda gymmatly maglumatlar berilýär. Şonuň ýaly-da, ahalteke bedewleriniň dünýä arenasyndaky abraýyny has belende göterjek peýdaly maslahatlar, terbiýeçilik ähmiýetli düşündirişler öz beýanyny tapýar. Bu gymmatly eserleri okanymyzda milletimiziň bedew atyna bolan söýgüsiniň, buýsanjynyň beýikligine, nesiller üçin nusgalykdygyna göz ýetirýäris.

Atçylyk sportunda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak hem-de ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny mundan beýläk-de belende galdyrmak, atly sporty kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirmek yzygiderli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan döwrebap atçylyk-sport toplumlarynda at çapyşyklaryny, atly sport oýunlaryny hem-de atlaryň päsgelçiliklerden bökmek boýunça ýaryşlaryny geçirmek hem asylly däbe öwrülýär.