logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Sports /“Gadymy at esbaplary” barada
  19.04.2021
1489
“Gadymy at esbaplary” barada

     Ýagny, merdana ata-babalarymyz gözellikde sungat derejesine ýetirilen, toý-baýramlaryň bezegi, ýelden ýyndam, ýow gününde garadan gaýtamaz ajaýyp bedewleri kemala getiripdirler. Geçmişde atlarymyz, çapuw, söweş, araba goşulýan, dabara, aw atlary ýaly düzrli görnüşlere bölnüpdir. Gadymy söweş atlary we olaryň gorag esbaplary söweş ýaraglarynyň taryhyny öwrenijileriň we beýleki taryhçylaryň ünsüni özüne çekip gelipdir. Söweş arabalaryna goşulýan atalaryň harby esbaplary yzygiderli kämilleşdirilipdir. Söweş atlarynyň örän gymmatlydygy üçin olary mümkin boldugyça dürli görnüşdäki gorag esbaplary bilen örtüpdirler. Söweş arabalaryna goşmak üçin, münüş atlaryna garanyňda, adatça pesräk atlary saýlap alypdyrlar. Gadymy döwürlere degişli taryhy ýadigärliklerde Nusaý atlary adyny alan bedewlerden az-kem gysga boýly araba goşulýan atlaryň şekilleri suratlandyrylypdyr. Söweş arabalaryna goşulýan atlar we münüş atlary gymmatly tohum atlary hasaplanypdyr. Bu hereketler aýratyn hem assiriýanyň güberçekli nagyşlarynda aýdyň görünýär. Ol nagyşlarda söweşijileriň adaty atlardan, şalaryň at arabasyna goşulýan atlar aýratyn tapawutlanýar.

Şeýle-de, gadymy grek taryhçysy, şahyry hem pelsepeçisi Ksenofan Kolofanly dörtgyraň gorag esbaply at arabalar, gündogar hökümdarlarynyň at arabasynyň gorag esbaplary barada beýan edipdir. Gadymy ýazuw çeşmelerinde sekiz sany at goşulan gorag esbaplary at arabasy barada maglumatlar giňden beýan edilipdir. Ksenofan gadymy Nusaý atlarynyň sowut bilen örtülendigini we olaryň goşunyň esasy kuwwaty bolandygyny nygtapdyr. Ol atlaryň gorag esbaplaryny emele getirýän serişdeleriň adyny ýazyp beýan edipdir, olaryň arasynda söweş atlarynyň maňlaýlyklary, seňriklikleri, göwüsbentleri, ýanbaşlyklary we ýapynjalary agzalyp geçilen.