Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar üçin startap bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Gadymy hem müdimi sungat
  22.05.2023
743
Gadymy hem müdimi sungat

Türkmenistanyň Prezidentdi Serdar BERDIMUHAMEDOW: 

— Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu ajaýyp sungat ösüp gelýän nesillerimizi terbiýelemekde, gadymy senedimizi ösdürmekde mynasyp orny eýeleýär. Şoňa görä-de, halylarymyzy täze göllerdir nagyşlar bilen baýlaşdyrmak, ýerli we daşary ýurtly alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrmak boýunça işler dowam etdiriler. 

Geç­miş ta­ry­hy­my­za na­zar aý­la­sak, türk­me­niň mil­li­li­gi asyr­la­ryň jüm­mü­şi­ne si­ňip gid­ýär. Türk­men hal­ky­nyň mil­li me­de­ni­ýe­ti öw­re­ni­len­de olar­da in­çe sun­ga­ty — ne­pis ha­ly­la­ry gör­mek bol­ýar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da türk­men hal­ky­nyň mil­li mi­ra­sy­na gym­mat­ly sar­pa go­ýul­ýar.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, türk­men mil­li ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Türk­me­niň mil­li gym­mat­lyk­la­ry­nyň naý­ba­şy­sy­na öw­rü­len ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty örän ga­dy­my sun­gat bo­lup, öz göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň yh­la­sy si­ňen, sun­gat de­re­je­si­ne ýe­ti­ri­len ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty ýo­ka­ry de­re­je­de ös­dü­ril­ýär.

Köp asyrlaryň dowamynda türkmen halky haly dokamagyň, keçe basmagyň usullaryny, onuň çeperçilik bezegini aýawly saklap, kämilleşdirip, şu günlere ýetiripdir. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan haly sungatynyň gadymy taryhy bar. Gapysynda ahalteke bedewi kişňeýän, haly dokalýan öý hudaýyň nazar salan döwletli ojagy hasaplanylypdyr. Enelerimiz ýaňy dünýä inen gyzjagazlarynyň ulalansoň, ökde halyçy bolmagyny arzuwlap bu isleg-arzuwlaryny öz hüwdülerine siňdiripdir. Ýeri gelende, türkmen durmuşynda, maşgalasynda el hünärini, şeýle-de onuň halyçylyk sungatyny enäniň gyz perzentlerine öwretmegi asylly, döwletli däpleriň birine öwrülendigini belläp geçmegimiz gerek.

Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen halysynyň baýramy ýurdumyzda döwlet derejesinde dabara bilen bellenilip geçilýär. Munuň özi halkymyzyň bu beýik sungata bolan çäksiz söýgüsini, milli buýsanjyny has-da artdyrýar. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.