logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Culture /Gadymy hünäriň eýesi: Daşoguzly ussa ýokary ada mynasyp görüldi
  17.12.2025
442
Gadymy hünäriň eýesi: Daşoguzly ussa ýokary ada mynasyp görüldi

Türkmenistanda milli saz gurallaryny ýasamak sungaty ýerine ýetiriji bagşylaryň ussatlygy bilen deň derejede hormatlanýan gadymy baýlyk bolup durýar. Bu döreden sungatyň görnükli wekilleriniň biri hem ýakynda «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen hormatly ada mynasyp bolan Daşoguz welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Atamyrat Hekimowdyr.

 

Onuň döredijilik ýolunyň başlangyjy 1989-njy ýylda M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde goýuldy. Dutaryň “jadyly” owazyny berip bilýän görnüşlerini ýasamak sungatynyň inçe syrlaryny Atamyrat ussa Minewerden hem-de Garadamak obasyndan bolan belli ussa Garadandan öwrenýär. 1997-nji ýylda ilkinji ýokary hilli saz guralyny taýýarlap, halypalarynyň ak patasyny alandan soň, ol ýasan dutarlary hem gyjaklary bilen ýurt boýunça sazandalaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy.

 

Atamyrat Hekimowyň milli mirasa goşýan hyzmaty diňe saz gurallaryny ýasamak bilen çäklenmeýär. Onuň ulanan iş gurallary hem häzirki wagtda Daşoguzdaky Bagşylar muzeýiniň gymmatly eksponatlarynyň biri boldy. Häzir ussa öz baý tejribesini ýaşlara öwredip, gadymy ýörelgeleriň dowam etmegini üpjün edýär.

 

Daşoguz welaýatynda ýaşlaryň milli saz gurallaryny ýasamaga bolan gyzyklanmasynyň artmagy bu gadymy hünäriň dowamlylygyny we ösmegini üpjün edip, türkmen medeniýetiniň genji-hazynasyny has-da baýlaşdyrýar.

 

Jennet ÇARYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň 3-nji ýyl talyby.