logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / In the world /Gadymy Müsüriň III faraonynyň heýkeliniň ýokarky bölegi tapyldy
  14.03.2024
842
Gadymy Müsüriň III faraonynyň heýkeliniň ýokarky bölegi tapyldy

Müsüriň Gazuw-agtaryş işleri ministrliginiň arheology Basem Gehadyň we Boulderdäki (ABŞ) Kolorado uniwersitetinden Iwon Trnka-Amreýniň ýolbaşçylygyndaky halkara topar Kairden 250 km günortada Faraon Ramses II-niň ägirt heýkeliniň ýokarky bölegi tapyldy.

 

 

Heýkeliň aşaky bölegini 1930-njy ýylda germaniýaly arheolog Gýunter Rýoder tapdy. Asyl heýkeliň beýikligi aşaky we ýokarky bölekler birikdirilende 7 metre çenli ýetýär.

 

 

Ramses II Gadymy Müsüriň XIX nesilşalygyndan hasap boýunça üçünji faraon bolupdyr. Onuň dolandyran döwründe Gadymy Müsür çäkleri häzirki Sudandan Siriýa çenli uzap gidýän ägirt imperiýa bolupdyr.

 

 

Gadymy Müsüriň faraony Ramses II, takmynan, b.e.öňki 1279-njy ýyldan 1213-nji ýyl aralygynda höküm sürüpdir. Ol 25 ýaşynda tagta çykýar we 66 ýyllap hökmürowanlyk edýär. Ol aradan çykan wagty 90 ýaş töwereklerinde eken. Heýkel ony goşa täçde we şa kepjebaşly başgapda şekillendirýär. Heýkeliň arka tarapynda ieroglifler bar. Olar hökümdaryň dürli titullaryny aňladýar.

 

Ogulbagt SEÝITMYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.