logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Culture /Gadymy Nusaý galalaryna gezelenç
  23.10.2023
781
Gadymy Nusaý galalaryna gezelenç

2023-nji ýylyñ 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyñ Daşary işler ministirliginiñ Halkara gatnaşyklar inistitutynyñ garamagynda hereket edýän Ýaş diplomatlar mekdebiniň, "Parahatlyk medeniýeti" ÝUNESKO klubynyñ agzalary, Paýhas we parasat ylmy gurnagynyñ agzalary bilen bilelikde gadymy Nusaý galasynyñ ýadygärlikler toplumyna gezelenç guraldy.

 

Taryhdan mälim bolşy ýaly, Nusaý galasy b.e.öñki ||| asyrda Parfiýa döwletiniñ ilkinji paýtagty bolupdyr. Gezenje gatnaşanlar bu ýerde şöhratly taryhymyz bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik gazandylar. Nusaýda demirgazyk we günorta diýip atlandyrylýan iki sany arhitektura toplumy bolupdyr. Weýran bolan demirgazyk toplumdan 1948-nji ýylda pil süñkünden edilen meşhur ritonlar tapylypdyr. Şeýle hem Mitridat patyşanyñ gyzy Rodogunanyñ keýkeli tapylypdyr. Ol hakynda şeýleräk rowaýatlar bar. Bir gün Rodoguna saçyny ýuwup oturan badyna, duýdansyz ýagdaýda basybalyjylar çozýar. Şol wagt Rodoguna basybalyjylary ýeñmäni saçyny ýuwmajakdygy barada özüne söz berýär. Ol özüniñ mertligi, edermenligi bilen şol söweşde ýeñiiş gazanandygy barada rowaýatlar aýdylýar. Bu taryhy wakalary öwrenmek diýseň gyzyklydy.

 

Ol ýerlere dine bir türkmen halky gezelenje barman, daşary ýurtlardan hem birnaçe adamlar şol taryhy ýadygärlikleri öwrenmäge gelýärler. Bu bolsa türkmen halkynyñ dünýä derejesinde öwrenilýän gadymy taryhy bardygyny añladýar. Biz bolsa öz öwrenen  taryhy maglumatlarymyzy Awstriýadan gelen syýahatçylara gürrüñ berdik we öz taryhy ýadygärligimiz bilen tanyşdyrdyk. Bu diýseñ gyzykly pursatlaryn biridi. Şunuñ ýaly taryhy ýadygärliklere gezelenç etmek biziñ ýadygärliklerimiz hakynda köp maglumatlar öwrenmegimize ýardam edýär.

 

 

Ogulbibi BAÝRAMMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

           

     .