logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Gadymy ölçeg birlikleri:
  07.11.2022
4953
Gadymy ölçeg birlikleri:

Geçmiş taryhymyza ser salanymyzda, türkmen halkymyz geçmişde dürli görnüşli ölçeg birliklerini ulanypdyr. Häzirki wagtda giňden ulanylýan metr, kilometr, santimetr ýaly uzynlyk ölçegleri irki wagtda bolman, şol döwür bu ölçeg birlikleriň ýerine adam synalary arkaly aňladylýan dürli ölçeg uzynlyklary ulanylypdyr. Gadymy ölçeg birlikleri ata-babalarymyzdan bize miras galan milli birlikler bolup, olaryň käbiri häzirki wagtda hem ýaşuly nesliň arasynda ulanylýar. 

Uzynlyk ölçeg birlikleri:

Sere 
– başam barmak bilen süýem barmagyň arasyndaky iň uzyn aralyk, takmynan, 19 sm hasaplanylýar; 
Agsak sere – orta barmak bilen süýem barmagyň arasyndaky iň uzyn aralyk, takmynan, 12 sm; 
Ker sere – külembike bilen süýem barmagyň arasyndaky iň uzyn aralyk, takmynan, 15 sm;
Garyş – başam barmak bilen külembike barmagyň arasyndaky iň uzyn aralyk, takmynan, 22 sm;
Barmak – 2 sm; 
Gez – eliň barmagynyň ujundan tirsege çenli aralyk, iki garyş ýa-da 44 sm; 
Gary – gerlen eliň barmagynyň ujundan döşe çenli aralyk, 2 gez ýa-da 88 sm; 
Gulaç – gerlen iki eliň barmaklarynyň ujuna çenli aralyk, 4 gez; 
Sala gulaç – gerlip, arka tarap mümkin boldugyça öwrülen elleriň barmaklarynyň ujuna çenli aralyk; 
Hada – 1–3 gulaç; 
Agaç – 12000 ädim, takmynan, 9 km; 
Persah – takmynan, 6–7 km; 
Menzil – bäş agaç ýa-da 25–45 km; 
Daban – 27 sm; 
Tanap – 0,25 gektar, uzynlygy 90 ädim, ini 45 ädim;  

Agyrlyk ölçeg birlikleri:

Çärýek
 – 1,2 gram; 
Mysgal – 4 çärýek; 
Agry – 62,5 gram; 
Gadak – 90 mysgal; 
Siri – 1,325 gadak; 
Put – 40 gadak; 
Batman – 53 gadak; 
Harwar – bir eşek ýüki; 
Serwer – bir düýe ýüki; 

 

Mähri ÝAKUBOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.