logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Gadymy topragyň taryhy şöhraty
  11.04.2024
747
Gadymy topragyň taryhy şöhraty

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasyetli ýazan «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda tutuş türki halklary üçin ajaýyp sowgat boldy.   

 

Gymmatly maglumatlara baý bolan bu kitapda halkymyzyň gaýtalanmajak taryhy-medeni mirasy, Änew medeniýetini içgin öwrenen R.Pampelli, W.Sarianidi, W.Masson ýaly tanymal alymlaryň mynasyp goşantlary barada  täsirli gürrüňler berilýär.   

 

«Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly bu kitap «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» ýaly baplardan ybarat bolup, kitabyň bezeg işleri örän ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan çykan täze eseri biz ýaşlaryň ýan kitabymyza öwrülip, taryhyň şöhratly sahypalaryny şöhlelendirer. Türkmen, iňlis we rus dillerindäki eser dünýä halklarynyň giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni çekjegi ikiuçsyzdyr.  

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp kitaby Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dana pederlerimiziň ruhy mirasyna, milli däplerimize, gymmatlyklarymyza, halkymyzyň gadymy taryhyna we medeniýetine goýulýan çäksiz sarpadan nyşan bolup çykyş edýär.

 

Begenç HÜSEÝINOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.