logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /“Gaharly” hyýar – nadara
  21.04.2022
1341
“Gaharly” hyýar – nadara

Nadara hyýary – kädiler maşgalasyna degişli bolan birýyllyk we köpýyllyk ýabany ösümlik. Ylmy ady – Ecballium elaterium bolup, oňa başgaça ak hyýar hem diýilýär. Ol esasan Azor adasynda, Kiçi Aziýada, Russiýanyň Ýewropa böleginiň günortasynda, Kawkazda duşýar. Boýunyň uzynlygy 50-150 sm, dyrmaşyp ösýär. Baldagynda uzynlygy 5-10 sm bolan murtjagazlary bar. Ýapraklary etli, diametri 5-15 sm. Bir jynsly, birmeňzeş formaly bolan gülleri iýul-sentýabr aýlarynda açylýar. Miwesi çal-ýaşyl, şireli, ýumurtga şekilli süýri, uzynlygy 4-6 sm, ini 1,5-2 sm. Daşynda tiken şekilli ösüntgileri bolýar. Diametri 1 sm ululykdaky tohumlary goýy goňur, ýylmanakdyr. Tohumlary ýetişensoň, miwäniň içiniň basyşy 6 atmosfera basyşyna çenli ýokarlanýar. Şol wagt oňa sähelçe galtaşylsa, ol ýarylmak bilen bolýar. Netijede miwesi sapajygyndan aýrylyp, içindäki nemli tohumlary ýörite deşijekleriň üsti bilen batly zyňylyp giňişlige ýaýraýar. Hyýar şu häsiýeti bilen “gaharly nadara” adyny alypdyr. Bir sany miwe özünden 6 m çenli uzaklyga tohumlary zyňmaklyga ukyply bolýar. Ol şu usul bilen hem köpelýär. Müň tohumynyň agramy hem 13-22 gr töweregi. Miwesi awgust-sentýabr aýlarynda bişýär. Ösümligiň ýokarky ýerüsti bölegi we köki dermanlyk çig mal hökmünde ulanylýar. Onuň üçin gök massasy gülleýän döwri ýygnalyp, baldaklary böleklere bölünýär we güneşli howada guradylýar. Köki bolsa güýz aýlarynda ýygnalýar, ilki güneşde soňra guradyjylarda guradylýar. Düzüminde terpenoidleri, karotinoidleri, steroidleri, alkoloidleri, organiki kislotalary, azotly birleşmeleri, C witaminini, ýag kislotalaryny saklaýar. Miwesinde elaterin we elaterisin toplanýar. Ondan taýýarlanan serişdeler böwrek we bagyr kesellerinde, çiş kesellerinde hem-de zyýanly düwürtikleri aýyrmakda, şeýle-de antibakterial serişde hökmünde peýdalanylýar.

Begenç Meretklyçew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy