Garaşsyzlyk ýyllarynda Magtymgulyny öwrenmegiň täze mazmunlara eýe bolmagyna mynasyp seslenip, täzeçe pikir ýöretmek, akyldaryň dury suwly paýhas çeşmesine aralaşmakda netijeli işler ýerine ýetirildi. Bu işleriň ählisi bolsa hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi mirasymyzy öwrenmäge goýýan sarpasynyň, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek we bütin dünýä wagyz etmek baradaky tagallalaryndan başlangyç gözbaşyny alyp gaýdýar.
Magtymguly Pyragynyň goşgulary häzirki zaman çeper edebiýatymyzda öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda, «Ynsan kalbynyň öçmejek nury», «Älem içre at gezer» we «Döwlet guşy» kitaplarynda akyldaryň durmuş we döredijilik ýoly bilen bagly gürrüňlerdir rowaýatlara hem-de şahyrana döredijiligine uly orun berilýär. Bu iki taryhy romanyň atlary Magtymgulynyň parasatly setirleri bilen sazlaşýar.
Munuň özi, birinjiden, hormatly Arkadagymyzyň akyldar şahyryň döredijiligine çäksiz hormat bilen garaýandygyny, ikinjiden, eserleriň gahrymanlarynyň, ýagny Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pederleriniň – Anna agadyr Berdimuhamet mugallymyň Pyragynyň goşgularyndaky pähim – paýhasy nesillere ýetirmekde uly işleri bitirendigini, Mälikguly aganyň bolsa şol pähim-paýhasa uýýan maşgalada önüp-ösendigini, üçünjiden bolsa, Magtymgulynyň külli türkmeniň kalbynda ýaşaýan beýik şahsyýetdigini edebi usulda subut edýär. Şahyryň «Älem içre adam galmaz, at gezer», «Götermese döwlet guşy, uçup bolmaz per biläni» ýaly setirleriniň many-mazmuny iki romanyň hem içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Gurbansoltan ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.