logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary Kataryň Milli kitaphanasynda
  14.03.2024
697
Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary Kataryň Milli kitaphanasynda

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary hem-de beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy dabaraly ýagdaýda Kataryň Milli kitaphanasyna gowşuryldy. Kataryň Milli kitaphanasy Ýakyn Gündogaryň iri edebiýat çeşmeleriniň saklanýan ýeridir. Bu dabara Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi.

 

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasynyň açylan gününden bäri türkmen diplomatlary Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek ugrunda tagalla edýär.

 

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň resmi wekilleri birnäçe gezek kitaphana baryp görüp, olaryň ýolbaşçy düzümi bilen gepleşikler geçirdi.

 

Malika ROZYNIÝAZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.