logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitaby rus dilinde neşir edildi
  18.05.2022
1377
Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitaby rus dilinde neşir edildi

17-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy we işgärleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Täze neşiriň rus dilinde çapdan çykmagy ýyl-ýyldan pugtalandyrylýan türkmen-rus hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli waka bolup, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze taryhy eýýamda döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan saldamly goşandynyň ykrarnamasyna öwrüldi.