logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Gahryman gerçekleriň hormatyna!
  08.05.2023
973
Gahryman gerçekleriň hormatyna!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda 1941-1945-ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylýan Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli «Watan Gahrymanlaryny hormatlap!» ady bilen Tejen etrabynyň Tejen şäher Medeniýet öýünde Ahal welaýat häkimliginiň iş meýilnamasy esasynda  aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara urşa gatnaşan esgerler, uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlaryň maşgalalaryndan, edara-kärhanalarda zähmet çekýän hünärmenler, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary gatnaşdy.

Dabaranyň dowamynda Beýiň Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli çykyşlar ýaýbaňlandy hem-de Beýik Watançylyk uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken raýatlara we urşa gatnaşan esgerleriň ýan ýoldaşlaryna dabarany gurnaýjylar tarapyndan hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Soňra Tejen etrap medeniýet bölüminiň mahmal owazly aýdymçylarynyň, tans, folklor we wäşiler toparlarynyň hem-de çagalar sungat mekdebiniň dutarçylar toparynyň çykyşlaryna tomaşa edildi.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

 

Gurbanmyrat JUMAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň işgär
i.