logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /"Galkan" 13:1 "Ice box"
  17.04.2024
649
"Galkan" 13:1 "Ice box"

Ýurdumyzda geçýän halkara hokkeý çempionatynyň 3-nji gününiň ýaryşlarynda Türkmenistanyň «Galkan» topary Eýranyň «Ice Box Iran Mall» toparyny 13:1 hasaby bilen ýeňdi. Bu ýeňiş “Galkan” topary üçin bassyr 3-nji we uly hasaply ýeňişdir.
 

Belläp geçsek,  başlangyç oýunda Bahreýniň hokkeýçilerini 8:1, ikinji oýunda Omanyň hokkeý toparyny 15:1 hasabynda ýeňen türkmen hokkeýçileri Eýranyň «Ice Box Iran Mall» toparyny ýene-de uly hasap bilen ýeňmegi başardylar we üçde üç ýeňiş bilen çempionatyň iň ýokary netijesini gazandylar.
 

Üçünji oýundaky ýeňişiň netijesinde, «Galkanyň» hokkeýçileri «A» toparçada öňdeligi eýeleýärler. Umumylykda, türkmen hokkeýçileri 3 oýunda 34 şaýbany derwezä gönükdirdiler.
 

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň «Galkan» topary 18-nji aprelde (ýerli wagt bilen 10:00-da) Özbegistanyň «Feniks» kluby bilen duşuşar.