logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /«Galkynyş» gaz känindäki täze gaz guýularyň gurluşygy ýakyn wagtda tamamlanar
  19.11.2022
1159
«Galkynyş» gaz känindäki täze gaz guýularyň gurluşygy ýakyn wagtda tamamlanar

Ýurdumyzyň Mary welaýatynda ýerleşýän «Galkynyş» gaz käninde çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan täze gaz guýularynyň gurluşygy ýakyn wagtda tamamlanar. Bu barada, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Şahym Abdrahmanow Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiniň dowamynda täze gaz guýularynyň gurluşygyny tamamlamak hem-de tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak boýunça görülýän çäreler barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.

Häzirki wagtda «Galkynyş» gaz käninde, meýilleşdirilen işleri bellenen möhletinden öň tamamlamak hem-de guýulary işe girizmek boýunça zerur çäreler görülýär. bu gaz guýularynyň işe goýberilmegi ýakyn wagtda gazyň her ýylda çykarylýan möçberini artdyrmaga hem-de «Galkynyş» gaz käniniň täze desgalaryny özleşdirmegi taslama kuwwatyna çykarmaga mümkinçilik berer.

«Galkynyş» gaz käninde adaty gaz guýularyndan aýratyn çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan täze guýularyň gurluşygy geçen ýylyň awgust aýynda başlandy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň düzümindäki möhüm ornuny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tebigy gazyň çykarylýan möçberini yzygiderli artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýatladyp geçsek, «Galkynyş» gaz käni Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal çeşmeleriniň biri bolup hyzmat edýär. Umumy meýdany dört müň inedördül kilometrden hem köp bolan “Galkynyş” gaz käniniň ulanyş gorunda häzirki wagtda guýularyň 45-si bolup, olaryň her biri bir gije-gündizde ortaça iki million kub metre çenli tebigy gaz berýär. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.