logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Sports /“Galkynyş” toparyna halkara sirk festiwalyndaky üstünlikleri üçin sylag gowşuryldy
  03.02.2025
928
“Galkynyş” toparyna halkara sirk festiwalyndaky üstünlikleri üçin sylag gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň çözgüdi bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerinden “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna pul baýragy gowşuryldy.


Bu topar Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, ýokary derejeli baýraklara mynasyp boldy. Şunuň bilen baglylykda, toparyň her bir agzasyna 1 000 ýewrodan, jemi 17 000 ýewro möçberinde pul baýragy berildi.


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan milli gymmatlyklaryna uly sarpa goýýar. Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, atlary bezemek däplerini we milli atçylyk sportuny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.


Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda:


Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary 3 000 000 (üç million) manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy.


Bu çäre milli atçylyk sportuny ösdürmek, behişdi bedewlerimiziň ähmiýetini giňden wagyz etmek hem-de ýaş nesilleriň atçylyk sungatyna bolan söýgüsini we gyzyklanmasyny artdyrmak maksady bilen amala aşyryldy. Şeýle-de, Türkmenistan milli atçylyk mirasyny halkara derejesinde tanatmakda uly tagallalary edýär.


“Galkynyş” toparynyň halkara arenadaky bu üstünligi ahalteke bedewleriniň hem-de türkmen atçylyk sungatynyň belent mertebesini ýene-de bir gezek dünýä görkezdi.


Jeýhun Jumaşow
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň III ýyl talyby.