Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /«Galkynyşda» ýene-de bir guýy önümçilige girizildi
  13.01.2023
866
«Galkynyşda» ýene-de bir guýy önümçilige girizildi

Türkmenistanda tebigy gaz ätiýaçlyklary boýunça dünýäde iň irileriniň biri bolan «Galkynyş» gaz käninde «№60» ulanyş guýusy üstünlikli ulanyşa girizildi.

Ýokary çylşyrymlylykly guýynyň buraw işleri 2021-nji ýylyň awgust aýynda başlandy. Buraw işleri «Türkmengaz» DK-nyň CNPC (HHR) hytaý kompaniýasy bilen şertnamasynyň çäklerinde hytaýly hünärmenler tarapyndan geçirildi.

Guýynyň gurluşygy bellenilen möhletlerde tamamlandy. Netijede 4580 metr çuňlukdan tebigy gazyň senagat akymy alyndy.

Guýynyň agzynyň gurnama işlerini «Türkmengaz» döwlet konserniniň 3-nji gurnama edarasynyň gurluşykçylary amala aşyrdy. Ulanyş guýusynyň agzynda ýokary tehnologiýaly, döwrebap elektrotehniki we gidrawliki enjamlar, optiki-süýümli kabeller, aragatnaşyk serişdeleri we wideogözegçilik enjamlary oturdyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklarynyň esasynda ýurduň nebitgaz toplumyna sanly ulgam ornaşdyrylýar. Bu guýuda oturdylan optiki süýümli kabeller, aragatnaşyk serişdeleri we wideogözegçilik enjamlary «Marygazçykaryş» Müdirliginiň «Galkynyş» gaz käniniň 1-nji desganyň tebigy gazy kükürtden arassalamak boýunça we başlangyç gaz arassalaýjy desgalarynyň operatorlaryna sanly ulgam arkaly guýudan çig gazyň çykarylyşyny gözegçilik etmäge we ýokary basyşly gaz geçiriji boýunça hereketini dolandyrmaga mümkinçilik berýär.

2022-nji ýylda 3-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama edarasynyň hünärmenleri we işçileri «Galkynyş» gaz käninde şeýle hem 309-njy ulanyş guýusyny işe girizdiler. Häzirki wagtda 294-nji we 30-njy ulanyş guýularynda işleri alnyp barylýar. 

 

Arslan RAIMOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.