logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Galkynyşly döwrüň bagtly zenanlary» atly maslahat geçirildi
  31.10.2022
752
«Galkynyşly döwrüň bagtly zenanlary» atly maslahat geçirildi

Golaýda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň bilen bilelikde gurnamagynda «Galkynyşly döwrüň bagtly zenanlary» atly maslahaty geçirildi.

Maslahatyň esasy maksady ene-mamalarmyzdan galan el işlermiziň nesilden-nesle dowam etdirmek, maşgala mukaddesligi, edep-ekram, ahlaklylyk ýaly asylly häsiýetleri wagyz nesihat etmek boldy. Maslahatyň öňüsyrasynda ýokary okuw jaýynyň eýwanynda sergi gurnaldy. Sergide türkmeniň milli sungatyna degişli gadymdan bari häzirki günlermize ýetip gelen nagyşlary, kümüş saçly ene-mamalarymyzdan miras galan el keşdeleri, dürli haly önümleri, gülli joraplary, zenanlaryň milli lybaslary bolan gadymy kürteleriň görnüşleri görkezildi. Soňra insitutyň uly mejlisler zalynda maslahat geçirildi.