logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Galla baýramçylygy
  22.06.2021
901
Galla baýramçylygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen daýhanlarynyň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertleriň döredilmegi, olaryň halal zähmetine mynasyp baha berilmegi edermen daýhanlarymyzyň ene topraga yhlas siňdirip, bol hasyl öndürmäge we belent sepgitlere ýetmäge hem-de çekýän zähmetiniň hözirini görmäge höwesini has-da artdyrýar.

Biz babadaýhanlarymyza öndürijilikli zähmet çekmek, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamak üçin ähli şertleri döredýäris. Ekin meýdanlaryny işläp bejermekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan kämil, ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy, topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, tohumlar we ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen daýhanlaryň doly üpjün edilmegi hem-de önüm öndürijiler bilen öz wagtynda hasaplaşyklaryň geçirilmegi munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Biz daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen galla hasylynyň ýekeje dänesini hem zaýa etmän, bildirilýän talaplara laýyklykda saklamak maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap elewatorlary we un öndürýän kärhanalary yzygiderli gurýarys.

Halkymyzyň ruhubelentlik bilen çekýän zähmetinden rowaçlanýan eziz Diýarymyz bu gün dünýäniň iň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Biz ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, oba hojalygyny ösdürmäge hem aýratyn üns berýäris. Çünki oba hojalygynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysady binýadyny berkitmäge uly itergi berýär. Oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan özgertmeler, oýlanyşykly kabul edilýän çözgütler türkmen topragynda öndürilýän ýokary hilli önümleri daşary ýurtlara ibermäge mümkinçilik berýär. Netijede, häzirki wagtda gallaçy babadaýhanlarymyzyň öndürýän ak bugdaýynyň ýurdumyzyň içerki sarp edijilerinden artýan bölegi daşarky bazarlara ýerlenýär.

Sahawatly türkmen topragyndan ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda ussat kärendeçiler ýokary netijeleri görkezýärler.

Edermen babadaýhanlarymyzyň köp yhlas siňdirip çeken zähmetiniň netijesinde öndürilýän bol bugdaý hasyly eşretli durmuşda ýaşaýan bagtyýar halkymyzyň halal ojaklarynyň berekedidir, bedew bady bilen öňe barýan berkarar döwletimiziň abadançylygynyň berk binýadydyr, gadymy topragymyzyň hiç wagt egsilmejek rysgal çeşmesidir.

Sizi bereketli türkmen topragynda öndürilýän ak bugdaýyň sahawatynyň şanyna tutulýan Galla baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ata-babalarymyzyň şöhratly daýhançylyk däplerini dowam etdirip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin uly aladalary orta goýýan Hormatly Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.