logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Galla ekinlerine ideg edilýär
  26.04.2020
941
Galla ekinlerine ideg edilýär

    Tejen etrabynyň galla ekilen meýdanlary 42900 gektar tutýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň 7050 gekdary tohumlyk bugdaýyna hem-de 35850 gekdar azyklyk bugdaýyna niýetlenendir. Olaryň idegini etmek-de gallaçy daýhanlar yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Şonuň üçin hem şu günler-de sünbüle duran ekerançylyk meýdanlary diýseň owadan görünýär. Olar şemal ugruna yrgyldaşyp daýhanyň ruhuny göterýär. Ekine eden yhlasynyň ýerine düşendigini gören daýhan bilini has hem mäkäm guşaýar. Galla ekinlerine sümbül suwuny tutmak işlerini ekerançylygyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar. Munuň özi bolsa daýhanyň galla ekinlerinden garaşan netijeleriniň hasyl boljakdygyny görkezýär.

      Geçen oba hojalyk ýylyny guwandyryjy görkezijiler bilen jemlän tejenli babadaýhanlar, täze hasyly guramaçylykly ýygnamak barada hem ykjam taýýarlanýarlar. Olar däne oragynyň öň ýanynda ekerançylyk meýdanlarynyň çäklerini aýlanyş öwrümlerini gözden geçirýärler. Bu bolsa ekin meýdanlaryndaky güýzlük bugdaýynyň “Kalim”, “Bagrat”, Batgo” we “Bitarap” ýaly görnüşleriniň ýeke dänesiniň hem zaýalanman Watan harmanyna tabşyryljakdygyna güwä geçýär.