logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /Galla oragy bosagada
  20.05.2020
828
Galla oragy bosagada

         “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany“ ýyly Diýarymyza öz rysgal-berekedi bilen geldi. Ýurtda geçirilýän giň gerimli oňyn özgertmeler netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygy hem yzygiderli ösýär. Döwlet tarapyndan berilýän goldaw netijesinde daýhanlar tutanýerli zähmet çekýärler. Giň sähralarmyzdaky aňyrsy-bärsi görünmeýän bugdaý  meýdanlary hasyla durdy. Oba hojalygynda iň jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ýygymy ýetip gelýär. Şu ýylda orak möwsümine kuwwatly tehnikalaryň birnäçesi bökdençsiz hereket eder. Olaryň ählisi möwsüme ykjam taýýarlanyldy.  Etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň ussahanalarynda bugdaý ýygyjy kombaýynlar gözden geçirilip, olary abatlamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Orak möwsüminde bökdençleriň bolmazlygy üçin ätiýaçlyk çäreler göz öňünde tutulýar. Göçme ussahana, nobatçy maşynlar näsazlyk tapan tehnikalary iş üstünde abatlamak üçin şertler döredilýär. Zähmet howpsuzlygynyň düzgünleri barada düşündiriş işleri yzygiderli alnyp barylýar. Şeýle hem daýhanlaryň armasyny ýetirmek maksady bilen iş üstünde aýdym-sazly çykyşlar, beýleki medeni-köpçülik çäreleri guralar we öňdebaryjy kombaýynçylaryny we ýetişdirilen bugdaý hasylyny galla amammarlaryna daşaýjy sürijileri Kärdeşler arkakaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.