logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Galla oragyna badalga berildi
  02.06.2023
799
Galla oragyna badalga berildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň durmuş abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeler ýurdumyzyň oba-hojalyk pudagynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynyň işgärlerine galla orak möwsümini guramaçylykly geçirmek barada degişli tabşyryklary bermegi bilen Ahal welaýatymyzda hem möhüm oba hojalyk möwsümi bolan galla oragyna badalga berildi.

Ýakynda Tejen etrabynyň babadaýhanlarynyň armasyny ýetirmek maksady bilen etrap häkimliginiň, medeniýet bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň Tejen daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde günorta arakesme wagtynda galla orak möwsümine gatnaşýan kombaýnçylaryň, sürüjileriň hem-de kärendeçileriň gatnaşmagynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Geçirilen dabarada etrap medeniýet bölüminiň aýdym-saz, folklor hem-de wäşiler toparlarynyň taýýarlan şowhunly çykyşlary dabara gatnaşanlarda üýtgeşik täsir galdyrdy döretdi.

Dabara gatnaşyjylar şeýle ajaýyp zamanada ýaşamaga, işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli tutýan-tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. 

 

Bägül GURBANOWA, 

Türkmenistanyň Kärdeşler 
arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň 
Tejen etrap
birleşmesiniň işgäri.