logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Galla oragyna girişildi
  08.06.2020
817
Galla oragyna girişildi

     Galla oragyna başlamaga ruhlanan Ahal welaýatynyň oba zähmetkeşleri il sylagly hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen orak möwsümine başladylar. Däne oragyna başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Änew şäherindäki Medeniýet öýüne ýygnandylar. Olar medeni ojagyň giň eýwanynda guralan oba hojalygynyň ösüşlerini we gazananlaryny, şeýle-de gadymy daýhançylyk däplerini beýan edýän sergi bilen tanyşdylar. Sergiden göwni galkynan ildeşlerimiz ol ýerdäki mejlisler jaýynda öz işine başlan usuly maslahata gatnaşdylar.  

      Usuly maslahatda ýurdumyzyň oba hojalygyny döwrebap derejede ösdürmek, ýerden bereketli hasyl almak ugrunda durmuşa geçirilýän işler dogrusyndaky gürrüňe üns çekilip, welaýatda “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň  bereketli galla hasylynyň kemala getirilendigi, ýetişdirilen guşgursak dänäni çalt we isripsiz ýygmakda öňde durýan wezipeler hakynda durlup geçildi.  

        Usuly maslahat tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar şol günki ajaýyp wakanyň esasy çäreleriniň dabaralandyrylan ýerine — Ak bugdaý etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň ekin meýdanyna bardylar. Toý ruhuna giren ekerançylyk meýdanynyň golaýyndaky meýdança milli öwüşginli tomaşalara gurşaldy. Aýdym-sazly dabaranyň şowhunynyň al-asmana göterilen çagynda il sylagly ýaşulularyň baş bolmagynda ol ýere ýygnananlar tyllaýy öwüşginli, altynbaşly bugdaý meýdanyna bardylar. Il sylagly ýaşulular «Bismilla» bilen galla oragyna   ak pata berdiler. Ýaşulularyň göreldesine ol ýere ýygnanan ýaş nesliň wekilleri we beýleki adamlar hem eýerdiler. Şondan soňra däne orujy kombaýnlar gallaly meýdanlara girdiler. Bu pursat welaýatda däne oragyna köpçülikleýin  girişilendigini  alamatlandyrdy.