logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Gallaçylar möwsüme taýýarlanýar
  21.05.2022
1055
Gallaçylar möwsüme taýýarlanýar

Häzirki günlerde daýhanlaryň we oba hojalyga tehniki taýdan hyzmat edýän we bu meselelere dahylly beýleki edara – kärhanalaryň işgärleri gyzgalaňly pursatlary başdan geçirýärler. Etrabyň çäginde galla ekilen 44 müň 300 gektar meýdandan 88 müň 800 tonna däne ýygnamagy maksat edinýän etrabyň ak ekin ussatlary tehnikalaryň taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berýär. Etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynda däne orujy kombaýnlaryň orak möwsüminde daşary ýurtlarda öndürilen kuwwatly tehnikalary “JOHN DEER” we “CLASS” kysymly däne orujy kombaýnlarynyň 100-e golaýynyň güýjünden peýdalanmak göz öňünde tutulýar.  Şoňä görä-de, tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň bejeriji ussalary we hünärmenleri şu günler tehnikalary doly taýýarlyk hatarynda goýmak ugrunda yhlas edýärler. Olar galla orujy kombaýnlaryň guratlyk ýagdaýyny gözden geçirýärler. Şonuň bilen utgaşyklykda, etrabyň çäginde hereket edýän galla kabul ediş nokatlarynda, elewatordyr ammarlarda täze hasyly kabul etmäge degişli taýýarlyk görülýär. Şeýle hem galla oragy möwsüminde oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işlemekleri üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen doly derejede üpjün edilýär. Bu ugurda Tejen etrap häkimligi tarapyndan ýörite meýilnama taýýarlanyp, galla oragyny guramaçylykly geçirmek bilen baglanşykly, oňa gatnaşyjylara medeni-durmuş şertlerini ýola goýmak, tehnikalara iş üstünde tejribeli ussalar tarapyndan hyzmat etmek işlerine aýratyn orun berilýär.Tejenli daýhanlarymyz şu ýyl bugdaýyň bol hasylyny taýýarlap, döwlet harmanyna tabşyrmaklygy maksat edinýärler.