logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Gallaçylar üçin aýdym-sazly dabara guraldy
  17.06.2022
1239
Gallaçylar üçin aýdym-sazly dabara guraldy

Tejen etrabynyň “Tejen” daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde günorta arakesmesi wagtynda aýdym-sazly medeni-dynç alyş dabarasy guraldy. Aýdym-sazly dabara, etrap häkimliginiň meýilnamasy esasynda etrap häkimliginiň, medeniýet bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirildi. Dabara galla oragyna gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we öňdebaryjy kärendeçiler gatnaşdy.

Tejen etrabynyň medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň, folklor hem-de tans toparlarynyň çykyşlary, wäşileriň degişme sahnalary meýdan düşelgesine ýygnananlaryň göwnüni göterdi we gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Aýdym-sazly medeni-dynç alyş dabarasynyň ahyrynda galla oragy möwsümine işjeň gatnaşýan mehanizatorlara, sürüjilere hem-de öňdebaryjy kärendeçilere etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.